<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><hymn_number>76</hymn_number>
<title>Hudaýsyz durmuş N76</title>
<lyrics>[V1]
 Hudaýsyz durmuş - bu
 durmuş däldir,
 Hudaýy tanamak
 özüňe baglydyr,
 Iman bilen kabul
 edeýin diýseň,
 Taňrynyň Ruhy
 seniň üstüňdedir.
 Gudratly kölegede
 oturan,
 Dünýäde bar zada
 Patyşadyr Ol,
 Umyt bilen halas
 bolaýyn diýseň,
 Çagyr häzir,
 ýüregiňe girer Ol.

[V2]
 Günälere çydap bilmän,
 Haça berdi Özüni Ol,
 Bar günäni
 alaýyn diýip,
 Gurban etdi janyny Ol.

[V3]
 Mukaddes Sen
 Rebbim Isa,
 Rehimdarsyň
 Rebbim Isa,
 Ölüm günäsini ýeňip,
 Direldiň Sen
 Rebbim Isa.

[V4]
 Bütin ýüregimden
 şükür edeýin,
 Isa Atly Halasgäri
 berdiň Sen,
 Taňrylar arasynda
 Ýeke-täk Taňry,
 Hem rehimli, merhemete
 baýdyr Ol.

[V5]
 Huzuryňa öwrülemde,
 Ol sesimi eşitdi.
 Mähribanlyk edip Ol,
 Durmuşyma goşuldy.
 Ýa Reb Isa,
 Seni beýgelderin,
 Şypa berdiň
 wagtynda Sen,
 Garaňkylykdan
 çekip çykardyň.
 Halas etdiň
 wagtynda Sen.

[V6]
 Eziz halkym şükür ediň,
 Nagma aýdyň adyna Oň,
 Goý ak pata bersin Ol,
 Öz imanly halkyna Ol.</lyrics>
</song>